- ýetirmek
- işlik1) Aradaşlykdaky bir zada uzadyp degirmek, galtaşdyrmak.∙ Gül astynda oturgyçda oturdy, Bukjaly hatyna elin ýetirdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)2) Alyp barmak, eltmek, gowşurmak.∙ Olar alyp barýan ýüklerini wagtynda ýetirdiler.3) Ýeterlik etmek, deňine eltmek.∙ Senagaty uruşdan ozalky derejesine ýetirmek we ondan-da geçirmek ugrundaky hormatly işe sowet adamlarynyň hemmesi bir adam ýaly bolup girişdi. («Edebiýat»)4) Göçme manyda Habar bermek, duýdurmak, aýtmak.∙ Onuň şu ýerde aýdanlaryny serhede ýetirmek ýeterlik. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)◊ bahasyny ýetirmek — seret baha∙ Ýaraglaryň bahasyny ýetirip satjagyna ynanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ göz ýetirmek — seret göz∙ Bu ýyl hasylyň bolsady ekilen ýaly boldumlydygyna öňünden gözüni ýetirip bilen Pökgeniň ökjesi has hem ýeňläpdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ häsini ýetirmek — seret hä∙ Iwan sag bol berip, häsini ýetirdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)◊ ýerine ýetirmek1) Çalmak, aýtmak (aýdym, saz).∙ «Senemiň» aýdymyny ýerine ýetirmek.2) Berjaý etmek, amala aşyrmak, iş ýüzüne geçirmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.